Gämilere günde üç tonna çenli ýangyç tygşytlamaga mümkinçilik berýän ýelken döredildi
«BAR Technologies» kompaniýasy gämiler üçin innowasion ýelkenleri döretdi. Olaryň esasy aýratynlygy gämileri ekologiýa taýdan arassa, deňiz ýük daşamalaryny bolsa has amatly etmek ukybydyr.
Şeýle ýelken eýýäm «Pyxis Ocean» gämisinde gurnaldy we synagdan geçirildi. Synagyň dowamynda Hindi we Ýuwaş ummanlarynyň, Demirgazyk hem-de Günorta Atlantikanyň üstünden geçilip, bu taslamanyň netijeliligi subut edildi.
Aýna süýüminden we polatdan ýasalan ýelkenler awtomatlaşdyrylan dolandyryşa eýedir. Olar palubanyň üstünden 37,5 metr belentlikde gurnalýar.
Maksat gämini ýeliň güýji bilen hereket etmäge mejbur etmek däl-de, amatly şemal öwsende işleýän dizel hereketlendirijilerine düşýän agramy azaltmakdyr. Munuň netijesinde günde 3 tonna çenli dizel ýangyjyny tygşytlamak mümkindir.
«BAR Technologies» kompaniýasynyň baş direktory Jon Kuperiň belleýşi ýaly, ýük gämilerine şeýle ýelkenleri oturtmak zäherli zyňyndylaryň möçberlerini azaltmaga kömek eder. Şeýlelikde, hasaplamalara görä, adaty ýük gämisini üç ýelken bilen enjamlaşdyrmak zyňyndylaryň bir ýarym esse azalmagyny üpjün eder.
Maglumat çeşmesi: orient.tm