Türkmenistan hytaý lokomotiwleri üçin $30 mlnätiýaçlyk şaýlaryny satyn aldy
Hytaýyň demir ýol tehnikasyny öndüriji CRRC Ziyang Türkmenistan tarapyndan öň satyn alnan lokomotiwler üçin bahasy $30 mln-a deň bolan ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmek barada onlaýn şertnama baglaşdy – diýip.
Bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 31 ýylynyň dowamynda gol çekilen iň uly şertnamadyr.
Öň AGPJ «Demirýollary» hytaý kompaniýasyndan 15 sany dizel teplowozlaryny satyn aldy. Olaryň ählisi 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli Türkmenistana gelmelidir.
CRRC Ziyang kompaniýasynyň teplowozlary Türkmenistanyň içerki we üstaşyr ýükleriniň göwrümini artdyrar, şeýle hem olaryň daşalyşynyň tizligini ýokarlandyrar.