Geçen ýyl Italiýa Türkmenistandan 80,17 million ýewrolyk harydy import etdi

«Trend» tarapyndan berlen habarda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Italiýa bilen umumy söwda dolanyşygynyň 229 million ýewrodan gowrak bolandygy tassyklanylýar.

 

Maglumatlara görä, görkezilen hasabat döwründe Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň 172,37 million ýewro barabar bolan görkezijisi bilen deňeşdirilende, 32,8 göterim ýokarlandy.

 

2023-nji ýylda Italiýanyň Türkmenistandan importy 80,17 million ýewro barabar bolup, munuň özi 2022-nji ýylyň takmynan 67,87 million ýewrolyk görkezijiniň bellige alnan degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,1 göterim ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär.

 

Şol bir wagtyň özünde hem, geçen ýyl Italiýanyň Türkmenistana eksporty takmynan 148,83 million ýewro barabar boldy. Munuň özi 2022-nji ýylyň degişli döwründäki 104,5 million ýewrolyk görkezijiden 42,4 göterim artykdyr.

 

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,87 milliard ýewro çenli ýokarlandy, bu bolsa 2022-nji ýylda hasaba alnan 1 milliard ýewrolyk netijeden 87 göterim ýokarydyr.