Türkmen ilçisi Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri bilen duşuşdy

Şu gün — 26-njy martda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi N.Gölliýew Gyrgyzystanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri A.Akmataliýew bilen duşuşdy.

 

Gepleşigiň esasy maksady 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmeginiň çäginde Gyrgyzystanda bilelikdäki çäreleri guramak, akademiki we ylmy ugurlardaky hyzmatdaşlyk boldy.

 

Duşuşykda A.Akmataliýew pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki döwletler guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji ýygnagynyň ýokary guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.