«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boljakdygyna berk ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek hem Türkmenistanyň daşary syýasatynda uly orny eýeleýär. Garaşsyz döwletimiz Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy barha kämilleşdirýär. «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň yzygiderli geçirilmegi bu ulgamy has-da ösdürmekde, dünýäniň döwletleri bilen syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmekde, özara tejribe alyşmakda, işewür gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda ýola goýlan, häzirki döwürde has-da ösdürilýän halkara hyzmatdaşlyk syýahatçylyk ulgamynda hem uly üstünlikleri gazanmaga, ýurdumyzda bu ugurda dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaga uly ýardam berýär. Syýahatçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalary Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende göterýär, halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy halkara syýahatçylygyň gazananlary, baý tejribesi, döwrebap ugurlary esasynda täze derejelere çykarylýar.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Bu halkara maslahatyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen utgaşykly gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Änew türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýär. Bu şäheriň Türkmenistanyň gadymy medeniýetini, milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň däp-dessurlaryny dünýäde giňden tanatmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzyň “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç” ýaly taryhy ýadygärlikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesi, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli bolan gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr.
Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary milli mirasymyzyň genji-hazynalarydyr. Türkmenistanyň tebigatynyň baý ösümlik, haýwanat dünýäsi, arheologik ýadygärlikleri, orta asyr binagärliginiň gymmatlyklary daşary ýurtly jahankeşdeler üçin özboluşly täsinliklerdir. Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat şäheri, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäheri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Garagum sährasynyň hem-de Köýtendagyň tebigy täsinlikleri ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär. Halkara derejeli şeýle maslahatlaryň geçirilmegi geljekde Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge ýakyndan ýardam berer.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Maglumat çeşmesi: tdh.gov.tm