Türkmenistanda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Gadymy şäherlerimiziň eýýäm ikinji gezek “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen, ýurdumyz özüniň gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar. 2015-nji ýylda bu derejä Mary şäheri eýe boldy. Onuň şeýle abraýly ada mynasyp bolmagynyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendiren dürli çäreler üstünlikli geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir.
“Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda yzygiderli alnyp barylýan medeni diplomatiýanyň çäklerinde dünýä döwletleri, aýratyn-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris” diýlip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.
TÜRKSOÝ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň ýakynda Aşgabatda geçirilen mejlisi bu gurama bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň goralyp saklanylmagyna-da aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gymmatlyklar dürli arheologik döwürlere we milli medeni däp-dessurlara degişli bolmak bilen, halkymyzyň hem-de onuň geçmişiniň ruhy esaslary hökmünde döwürleri özara birleşdirip, häzirki döwrüň nesillerini ýagşy däp-dessurlaryň dowam etdirilmegine, türkmen topragynyň beýik geçmişine hormat bilen garamaga iterýär. Diýarymyzyň bu künjegi gadymy medeniýetleriň gatlaklaryny özünde saklaýar: hut Ahalyň dag eteklerinde ilkinji ekerançylar ak bugdaýy ösdürip ýetişdiripdirler, rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri şu mekandan gözbaş alýar. Geçmişde bu ýerde medeniýetiň gülläp ösendigine bar bolan taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ähli künjeginde we daşary döwletlerde beýik akyldar şahyryň ýubileýine bagyşlanan çäreler geçirilýär. Olaryň esasy maksady mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň wagyz edilmegine ýardam etmekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana we filosofik dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Şahyryň eserlerinde beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir XVIII-XIX asyr türkmen durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň ähli halklaryna-da uly täsirini ýetiripdir.
...Şu gün “Nowruz ýaýlasynda” giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahata, “Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi” atly metbugat maslahatyna, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.
Bu ýerde myhmanlar çykyşlar bilen garşylanyldy. Baýramçylygyň şeýle täsirli başlanmagy oňa gatnaşýanlaryň kalbyny heýjana getirip, ýüreklerini şatlyga besledi.
Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda türkmen aşhanasynyň milli tagamlary taýýarlanylýar. Halk aýdymlarynyň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Zehinli gelin-gyzlar el hünärini görkezip, milli tahýalary tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu görnüşler türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.
Bu ýerde dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Doganlyk ýurtlaryň her biri amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň dürli görnüşlerini, hojalyk önümlerini we geçmişden galan beýleki gymmatlyklary görkezdi. Bularyň ählisi aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dutar, kernaý, surnaý saz gurallarynyň hemmeleri baýramçylyga çagyrýan ajaýyp owazy ýaňlanýar. Ak öýleriň golaýynda tamdyrlar gurnalyp, gazanlar atarylypdyr, dürli tagamlar taýýarlanylyp, naz-nygmatdan doly saçaklar ýazylypdyr.
Myhmanlara gadymy geçmişi we däp-dessurlary janlandyrýan sahna çykyşlary görkezilýär. Ondan uzak bolmadyk ýerde kerwen hatarlary görünýär. Munuň özi dabara gatnaşyjylara Beýik Ýüpek ýoly döwrüne gaýybana syýahat etmäge hem-de onuň taryhynyň aýratynlyklary barada maglumat almaga mümkinçilik berýär. Gelin toýunyň dabaralary baýramçylygyň joşgunyny has-da artdyrdy. Şeýle toý-dabaralar milli dessurlar, asylly ýörelgeler bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi milletiň ruhy-medeni köklerine, gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan halkymyzyň durmuş ulgamynyň esasy bölegi bolup durýar.
Dilden-dile geçip, häzirki döwre gelip ýeten halk we estrada aýdymlary sahnalaşdyrylan däp-dessurlar bilen utgaşyp, ýatda galyjy pursatlary döredýär. Ähli ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň ösüşi, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi baradaky arzuwlar ýaňlanýar.
Taryhy we medeni ýadygärlikler bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklar bolup durýar. Olar halkyň ruhy-taryhy tejribelerini, türkmen döwletliliginiň belli döwürlerini beýan etmek bilen, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyna şaýatlyk edýär. Nusaýyň, Paryzdepäniň, Abiwerd galasynyň, Mäne babanyň kümmetiniň, Seýit Jemaleddin metjidiniň we beýleki taryhy desgalaryň ýörite taýýarlanylan şekilleri şu günki dabara aýratyn bezeg berdi. Sahnalaşdyrylan çykyşda teatr artistleri arheologlaryň, şol sanda dünýäde ilkinji bolup Änew medeniýetiniň üstüni açan Rafael Pampelliniň keşbini janlandyrýarlar. Bu ýerde arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan keramiki önümler, ak bugdaý we beýlekiler görkezilýär.
Bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlary bu görnüşlere aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlary oýnaýarlar. Ýaş türgenler ýaglyga towsup, çalasynlygyny, ussatlygyny görkezdiler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ähli däp-dessurlary we şatlygy özünde jemleýän hakyky oba durmuşy janlandyrylypdyr. Ähli toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ussat çapyksuwarlaryň at üstünde ýerine ýetiren çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Ajaýyp bedewlere atlanan ýigitler ussatlyklaryny görkezip, köpçülige joşgunly duýgulary bagyşladylar. Bedewleriň ýüwrükligi çapyksuwarlaryň ussatlygy bilen sazlaşyp, gözel görnüşi emele getirýär.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz we däp-dessurlarymyz möhüm ähmiýete eýedir. Asylly ýörelgeler, halkymyzyň köpasyrlyk däpleri döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylyp, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar.
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi iň gowy milli däpleriň esasynda ýurdumyzyň belli ussatlary, ýaş zehinleri tarapyndan döredilen surat eserlerini, haly önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň, keramikanyň we heýkeltaraşlygyň nusgalaryny öz içine aldy. Bularyň ählisi halkymyzyň häzirki zaman taryhynyň özboluşly beýanydyr.
Serginiň bir bölegini türki halklaryň taryhyny hem häzirki durmuşyny şöhlelendirýän özüne çekiji fotosuratlar eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, raýatlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň gerimini, üstünliklerini açyp görkezýän fotosurat panoramasy aýratyn täsir galdyrýar. Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetiň iň gowy ýörelgeleriniň dowamatlylygyna uly üns berýär. Milletimiziň medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we baýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, türkmen jemgyýetiniň kämilleşdirilmegine, onuň ruhy, aň-paýhas mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň mejlisler zalynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda we beýleki türki dilli döwletlerde guralýan medeni çäreler dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny barha berkidýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew şu günki dabaranyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, halklaryň arasynda döredijilik alyşmalary üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklere, jemgyýetiň medeni-ruhy durmuşynyň ösüşine aýratyn üns berýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, olaryň halklaryň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.
Soňra giň gerimli baýramçylyk konserti guraldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Sahnada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky garaýyşlar düzdi. “Dokmaçylar” folklor toparynyň we ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Oguzlar ýurdunda toýdur dabara” atly edebi-sazly kompozisiýasy konsertiň şowhunyny artdyrdy. Onda geçmiş bilen şu günüň aýrylmaz arabaglanyşygy, türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň beýik işleri, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri wasp edildi. Konsert maksatnamasy dürli halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän halk we döwrebap aýdym-sazlardan, tans, sahna eserlerinden ybarat boldy. Sahnada milli sazlar, Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy.
Gazagystanyň “Hazyna” we Gyrgyzystanyň “Dilgir” tans toparlary ajaýyp halk tanslaryny görkezdiler. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan we Saha (Ýakutiýa) Respublikalaryndan, Moldowadan (Gagauziýa) gelen sungat ussatlary dürli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Sahnada türk we özbek halk saz toparlarynyň milli nusgawy saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary ýaňlandy. Olar dürli žanrlara degişli eserleriň özboluşly ýerine ýetiriş usulyny görkezdiler. “Altyn garagöz” (Türkiýe Respublikasy) we “Buhoro mawjlari” (Özbegistan) halk tans toparlarynyň çykyşlary joşgunly aýdymlary, ajaýyp halk tanslary bilen tapawutlandy. “Meňli” tans toparynyň Tywa Respublikasyndan (Russiýa Federasiýasy) “Edegeý” tans we moda teatrynyň sungat ussatlary bilen bilelikde ýerine ýetiren “Bilezik” atly aýdym-sazly kompozisiýasy konserte aýratyn bezeg berdi. “Galkynyş”, “Näzli”, “Laçyn”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat” ýaly toparlar özüne çekiji tansly sahna çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Estrada aýdymçylarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Konsert türkmen sungatynyň we türki döwletleriň halklarynyň baý mümkinçiliklerini açyp görkezýän žanrlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Çykyş edenleriň tomaşaçylara ýetiren joşguny mähirli garşylanyldy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa baýramçylyk konsertine aýratyn özboluşlylyk çaýdy. Konsertiň ahyrynda gadymy döwürlerden häzirki günlere gelip ýeten «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Bu ajaýyp çykyş doganlyk halklaryň kökleriniň gadymylygyny, döredijilik agzybirliginiň güýjüni görkezdi.
Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdym dabaranyň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Bu aýdymda türkmen halkynyň nurana geljege tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň häzirki döwrüne bolan buýsanjy şöhlelendi. Bu eserde aýdymçylar we ähli konserte gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ýadawsyz alada edýän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Şu gün Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” guralan medeni çäre çuňňur taryhy kökleri we umumy däpleri bolan halklaryň medeniýetini baýlaşdyrýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ymtylmalaryň aýdyň nyşany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara derejede geçirilýän şeýle çäreler dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we doganlygyň dabaralanmagyna hyzmat edýär.
* * *
Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.
Maglumat çeşmesi: tdh.gov.tm