Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň telekeçilerini treninge çagyrýar

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hyzmatlar, söwda we önümçilik pudaklarynda zähmet çekýän telekeçileri «2024-nji ýylda sanly marketing we onlaýn satuwlar. Ýalňyşlyklary anyklamak, ölçemek we üstünde işlemek» atly üç günlük treninge gatnaşmaga çagyrýar.

 

Okuwlar 15 — 19-njy aprel aralygynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda offlaýn formatda guralar.

 

Gatnaşanlar iki topara bölüner: birinjisi «Haryt satýanlar we öndürijiler», ikinjisi «Hyzmatlar pudagyndaky kärhanalar».

 

Treningiň geçirilýän wagty:

 

Birinji topar: «Haryt satýanlar we öndürijiler»

 

1-nji gün – duşunbe, 2024-nji ýylyň 15-nji apreli 

 

2-nji gün – sişenbe, 2024-nji ýylyň 16-njy apreli

 

3-nji gün – penşenbe, 2024-nji ýylyň 18-nji apreli

 

Ikinji topar: «Hyzmatlar pudagyndaky kärhanalar»

 

1-nji gün – duşunbe, 2024-nji ýylyň 15-nji apreli 

 

2-nji gün – çarşenbe, 2024-nji ýylyň 17-nji apreli

 

3-nji gün – anna, 2024-nji ýylyň 19-njy apreli

 

Okuwlar Aşgabat wagty bilen 09.30-dan 17.00-a çenli dowam eder.

 

Gatnaşanlaryň sany çäklidir, şonuň üçin hem, olary saýlamak bäsdeşlik esasynda ýaýbaňlandyrylar. Okuwlara gatnaşmak üçin https://forms.gle/neTSGs6anQmp9WR97 çeşmesi arkaly maglumatlary doldurmalydyr.

 

Treninge gatnaşmak — tölegsiz. Treningi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.