Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de netijeli teklipleriň ählisine garamaga taýýar
ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Ýurduň paýtagty Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde yglan edildi we onuň köp sanly ajaýyplyklary hem dünýä rekordlarynyň kitabyna girizildi.
- Türkmenistanyň gadymy döwürlerden bäri siwilizasiýalaryň merkezi bolandygyny, bu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigini bellemek möhümdir. Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň we Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň täsin medeni mirasy, gadymy geçmişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Duşuşykda Köpetdagyň ajaýyp dag künjekleriniň, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, Amyderýanyň kenarýaka zolaklarynyň, Köýtendagyň, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologik syýahatçylyk üçin ajaýyp ýerlerdigi bellenildi. Şeýle-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy, onuň maksatlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de netijeli teklipleriň ählisine garamaga taýýardygyny tassyklap, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.