TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa önümleri we halylar ýerlenildi

Çarşenbe güni, 27-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa önümleri we türkmen halylary uly islegden peýdalandy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we Ukrainadan telekeçiler «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, «SN-350» we «SN-600» kysymly başlangyç ýagy, şeýle hem «В» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri «TPP D 382 BF» we «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar

Şeýle hem olar türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 22 318 910,19 manada we 66 295 000 dollara deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Maglumat çeşmesi: orient.tm