Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdullahiýan bilen duşuşdy.

 

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri birek-biregi mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar.

 

Ministr wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda bolýandygyna şatdygyny aýtdy we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň daşary işler ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, goňşy döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türkmen we eýran halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň asyrlara uzap gidýän taryhy we medeni köklerden gözbaş alýandygyny, olary özara umumylyklaryň birleşdirýändigini kanagatlanma bilen belledi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky, şeýle hem dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden "2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini aýtmak bilen, gadymy Änew şäheriniň "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň giň gerimde dowam edýändigini, şeýle hem Ahal welaýatynyň Änew şäherinde açylan täze metjidiň möhüm ähmiýetini belledi.

 

Söhbetdeşligiň barşynda Eýranyň türkmen döwletiniň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýändigi barada hem aýdyldy. Nebitgaz, ulag, elektroenergetika ýaly ulgamlarda, şeýle hem gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda we Eýranda milli önümleriň sergileriniň, işewürler forumlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine ýardam berýändigi bellenildi.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny belledi.

 

Iki goňşy ýurduň arasynda ylym-bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giňden geçiriljek dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, goňşy ýurduň wekilleriniň şol dabaralara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.