Hytaý we Türkmenistan syýahatçylyk toparlarynyň alyş-çalşygyny guramak boýunça Ähtnama gol çekdi

Hytaýyň «WEIDU» syýahatçylyk kompaniýasy bilen Türkmenistanyň «Aziýanyň Merjeni syýahat» kompaniýasynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy we syýahatçylyk toparlarynyň alyş-çalşygyny guramak boýunça Ähtnama gol çekildi. Bu barada «WEIDU» kompaniýasynyň wekili Rawil Farahow «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habarçysyna aýtdy.

 

«Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen gepleşikleri geçirýäris. Syýahatçylygy höweslendirmek üçin Hytaýyň hökümetiniň syýahatyň bahasyna maýa goýýan her bir uçuş üçin «subsidiýa» paýlaýandygyny aýtmak gerek. Şol sebäpden syýahatçylyk örän arzan bolar. Ol öz içine ertirlik, ýaşamak üçin ýer we kompaniýanyň öwgüli sözlerini alar» diýip, Rawil Farahow aýtdy.

 

Onuň sözlerine görä, Hytaýa boljak ilkinji uçuşa teležurnalistler, elektron neşirleriň we habar beriş agentlikleriniň habarçylary gatnaşar. Olar hemme zady öz gözleri bilen görerler we Türkmenistanyň halkyna kompaniýanyň hödürleýän zatlary barada gürrüň bererler. Mysal üçin, Haýnan adasynda dört müň ýyllyk taryhy bolan Hytaýyň lukmançylygy örän giňden görkezilýär, onuň ýörelgesi keselleri däl-de, keselleriň sebäplerini bejermekdir.

 

Hyzmatdaşlygyň ikinji ugry, Hytaý raýatlary üçin Türkmenistana gezelençleri guramakdyr. Meýilnama her hepde 200 adamdan başlamaly we kem-kemden müňe ýetmeli.

 

Rawil Farahow: «Bu Türkmenistan üçin örän peýdaly we ýurduňyzyň ykdysadyýetine möhüm goşantdyr» diýip belledi.