Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ýene bir ädim: Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy
28-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanper ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar sammitiň we ýokary derejeli ýygnaklaryň ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhümdigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy. Gün tertibinde ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meseleleri hem bar.
Diplomatlar şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we ýygnaklara, esasanam Eýran tarapynyň Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara çärelerine gatnaşmagyna üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek ugrunda ygrarlydyklaryny tassykladylar.