Aşgabatda 864 hojalyga niýetlenen täze jaýlar gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda durmuş maksatly täze binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, bu ýerde 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýoluny gurmak boýunça teklibi goldady.

Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.