Russiýadan gelýän ýükleriň Türkmenistandan üstaşyr geçirilişi bir ýylda dört esse ösüş görkezdi
2022-nji ýylda rus ýükleriniň Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilişiniň möçberi ozalky ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, dört esse köpelendigini görkezdi. Bu barada penşenbe güni Türkmen-rus işewürlik forumynyň umumy mejlisinde çykyş eden wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow aýtdy.
DIM-iň ýolbaşçysy: “Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň çynlakaý geljegi uly ugruny görýäris. Şunda demirýol ulagy we gämigurluşyk babatda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan aýratyn orna eýe bolýar. Gürrüň ilkinji nobatda, “Demirgazyk-Günorta” halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň hereket etmegi barada barýar. Biz bu meseläniň üstünde rus hyzmatdaşlarymyz, hususan-da, RŽD kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen işleýäris” diýip aýtdy.
Şeýle hem Raşid Meredow Hazarda – Türkmenbaşy şäherindäki deňiz porty bilen Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlarynyň arasynda ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini has işjeň ulanmaga çagyrdy.