Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler

Hytaýyň Şensi welaýatyndaky Sian şäherinde sanly Ýüpek ýoluny ösdürmek boýunça forum geçiriler. Bu barada Bütindünýä internet maslahatynyň baş sekretary Žen Sýanlýan habar berdi.

Forum “Özara hyzmatdaşlyk we umumy abadançylyk” ady bilen we üç sany esasy mesele: sanly ulgam we Ýüpek ýoluny gurmakda hyzmatdaşlyk, Ýüpek ýolunda elektron täjirçilik ulgamynda halkara hyzmtadaşlyk, şeýle hem sanly obalar we durnukly ösüş meseleleri boýunça geçiriler.

Forumyň çäklerinde “Bütindünýä internet maslahatynyň sanly akademiýasy” atly maksatnama resmi taýdan işe giriziler. Ol sanly ulgamdan baş çykarýan nesli kemala getirmäge, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmaga, täze elektron platformalary döretmäge gönükdiriler.

Häzirki güne çenli GSMA, Micron, Qualcomm, Intel, Alibaba, ZTE ýaly öňdebaryjy kompaniýalar foruma gatnaşýandyklaryny tassykladylar.

Forumy kabul edýän şäher hökmünde Sian sanly ykdysadyýetiň senagat ösüşini herekete getirýän täze güýç hökmündäki ornuna berk ynanýar.

Häzirki wagtda şäherde uly göwrümdäki maglumatlary we bulut hasaplamalaryny işlemek boýunça 400-den gowrak kärhana we emeli intellekt boýunça 300-den gowrak kärhana, şeýle hem programma üpjünçiligi boýunça dürli kärhanalar hereket edýär.