Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Maslahatyň barşynda “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisde Panama Respublikasy we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigi habar berildi. Deputatlaryň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek we kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda döredilen hojalyk subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça seljermeler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklip hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol sanda nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, işe innowasion usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa amala aşyrylýar. Bu ugurda “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümleri tarapyndan ýerine ýetirilýän, şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konsernini nebitgaz guýularyny burawlamak, özleşdirmek hem-de düýpli abatlamak işlerinde ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak, şeýle hem önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.
Şu günler gallaçy kärendeçiler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini alyp barýarlar. Galla kabul ediş kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bellenilişi ýaly, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek arkaly azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda işler dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ekişde ýokary hilli gowaça tohumlaryny peýdalanmak we döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilmegini gazanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýurdumyzyň howdanlarynda suw toplamak işlerine-de aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň sergisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumy 3 — 5-nji aprelde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergi ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerini görkezer. Onuň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz sergide ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşiniň, dokma senagatynyň gazananlarynyň, milli el halyçylyk sungatynyň önümleriniň, hususy pudagyň ösüş ugurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasyna gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak göz öňünde tutulýar.
Esasy çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçirmek barada hasabat berdi. Bu çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, raýatlarymyzyň beden saglygyny berkitmek, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen geçiriler.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň” ýanyndan badalga berler. Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Şeýle hem şol gün Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy. Agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan bu halkara sene jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklar Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda uzak möhletli geljek üçin binýatlaýyn ugurlary kemala getirýär. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak esasy orny eýeleýär. Halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşdy we milli maksatnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri boldy. Hususan-da, Türkmenistan Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148 wezipäni we 187 sany görkezijini kabul etdi.
DÖM-niň ýurdumyzda amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synlary 2019-njy we 2023-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde bu guramanyň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryndan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp, bu gurama bilen durnukly ösüş ugrunda döwletimiziň hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligi geçiriler. Halkara derejede durnukly ulag ulgamy meselesini ilerletmekde ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde şu mesele boýunça ýokary derejeli mejlis geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär.
Döwletimiziň ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini we başlangyçlaryny beýan etmek, şol bir wagtda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag onýyllygy boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamaga goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek aýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär. Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we onuň mowzugyny ulag ulgamyna hem-de energiýa arabaglanyşygy meselelerine bagyşlamak teklip edilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy nygtaldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama munuň aýdyň güwäsidir. Şu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň biridir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine BMG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Munuň özi geljekde ýurdumyzdan ýükleri awtoulagda daşamagyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmak boýunça teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, onuň esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Munuň özi biziň öňümizde birnäçe guramaçylyk meselelerini goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylygynyň üpjün edilmegi üçin şu wagtdan Hökümet agzalaryndan ybarat bolan döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli 2025-nji ýylyň dowamynda guraljak halkara derejeli çäreler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli gutlady.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň, gaznanyň alyp barýan ynsanperwerlik işiniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Maglumat çeşmesi: tdh.gov.tm