Anna güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty, oba hojalyk önümleri we türkmen el halylary satyldy

Anna güni, 29-njy martda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "BND 60/90" kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, "SN-180" kysymly başlangyç ýagyny, Azerbaýjan Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli kärhanalaryndan nah ýüplük, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 19 076 807,47 manada we 1 813 974,80 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.