Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
29-njy martda Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär.
Birnäçe bölümden ybarat «Gadymy Änewiň täsinligi» atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Şolaryň hatarynda XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin ýadygärligi bar. Bu toplumyň esasy desgalarynyň biri hem metjitdir. Onuň girelgesiniň ýüzi örän täsin, owadanlygy bilen tapawutlanýan mozaika bilen nagyşlanypdyr. Bu metjidiň gurluşygy barada halk arasynda gadymy rowaýatlar bar. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýertitreme zerarly bu binagärlik toplumy we metjit weýran boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, syrçaly mozaikalaryň asyl nusgalary tapyldy we olar gaýtadan dikeldildi. Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar.
Şeýle hem bu bapda hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň ýaşy, geçen asyryň ortalarynda arheolog Wadim Massonyň kakasy akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy (GTATE) tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky meselelere ünsi çekýär. Onda ylmy maglumatlaryň, taryhy ýazgylaryň esasynda şäheriň ösüşi, onuň ýerleşişi hem-de gurluşy barada gürrüň berilýär. Gadymy Änew medeniýetine, şol sanda bu ýerde neolit zamanynda (b.e.öňki VII-VI müňýyllyklar) dörän we oba hojalygynyň ösüp başlan Jeýtun medeniýetine aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu toprak özünde geljekki gözlegler üçin gyzyklanma döredýän ençeme syrlary saklaýar.
Eseriň “Taryhy birleşdirýän uly wakalar” atly babynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmeginiň türkmen halkynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýandygy, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýandygy bellenilýär. Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly mirasy sungat işgärleri üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şunda hem döwürleriň arasyndaky arabaglanyşyk, nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Kitabyň nobatdaky babynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi bolup durýan Änew şäheriniň şu güni barada söhbet edilýär. Häzirki döwürde bu ýerde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen iri maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylýança bu sebitde toplan iş tejribesi barada gürrüň berýär. Bu döwür döwlet Baştutanymyzyň durmuş we zähmet ýoluna uly täsirini ýetiripdir. Şeýle hem bar bolan kuwwatlyklary netijeli ulanmagyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda Ahal welaýatynda uly durmuş-ykdysady öňegidişligiň gazanylandygy bellenilýär. Änewiň gözel ýerleri barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle naýbaşy binalaryň biri hökmünde Milli “Ak bugdaý” muzeýini görkezýär. Gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan, bäş müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri bolsa muzeýiň naýbaşy we täsir galdyryjy gymmatlygydyr. Şöhratly ata-babalarymyzyň bu bereketli toprakda kemala getiren ekerançylyk däpleri häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Bu bapda türkmen halkynyň Milli Lideriniň iri megataslamany — Arkadag şäherini gurmak başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda täze şäheriň birinji tapgyry dabaraly açyldy. Bu taryhy waka Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde kemala gelýän täsin şähere kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berildi.
Kitabyň jemlemesinde döwlet Baştutanymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreleriň hem-de dabaralaryň 2024-nji ýylyň ýyl ýazgysynda mynasyp orny eýelejekdigine, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirýär. Bu başlangyçlar pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyryp, ony dünýä ýaýar.
“Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çeker.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, Änew Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän medeniýetiniň möhüm ýadygärligi, şol bir wagtyň özünde türkmen hem-de hytaý halklarynyň arasyndaky köp müňýyllyk dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýadydyr. Ýakynda Gahryman Arkadag Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň bezeglerindäki aždarha şekilleriniň Hytaýyň şekillendiriş sungaty bilen meňzeşdigini belledi we bu ylmy seljerme esasynda subut edildi. Alymlaryň pikirine görä, munuň özi orta asyrlarda türkmen we hytaý ussatlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Munuň şeýle bolmagyna Beýik Ýüpek ýoly ýardam edipdir, çünki olar bu ýol boýunça özara saparlary amala aşyrypdyrlar hem-de tejribelerini paýlaşypdyrlar.
Şeýle hem diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Geçmişe göz aýlasak, türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklarynyň kökleriniň taryhyň jümmüşine uzap gidýändigini aýdyp bolar” diýen jümlesini mysal getirdi. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen “Kasam şertnamasy” diýen şertnama gol çekipdirler we ol iki halkyň ýakynlygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda baý taryhy mirasa esaslanýan hytaý-türkmen dialogy okgunly ösdürilýär. Munuň şeýledigine 2023-nji ýylyň wakalary hem şaýatlyk edýär. Başlyk Si Szinpin we Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny bilelikde yglan etdiler. Iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” we “Bir guşak, bir ýol” halkara başlangyçlaryny utgaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Transmilli gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilmegi hem däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr.
Diplomat uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, doly derejeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Maglumat çeşmesi: tdh.gov.tm