Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow şu ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçirmek barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň” ýanyndan badalga berler. Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar.
Şol gün Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, ýurduň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurtda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.