Türkmenistanda “Kamaz” elektrobuslary synag ediler

“Kamaz” Türkmenistanda synag etmek üçin öz öndüren elektrobuslarynyň ikisini getirdi. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmen-rus işewürlik-forumynda “Kamaz”-yň baş direktory Sergeý Kogogin žurnalistlere aýtdy.

 

Ol “Kamaz”-yň elektrikli çekiş güýjünde işleýän awtobuslary öňdürmek boýunça Russiýada öňdebaryjydygyny belledi. “Biz bu tehnikany Türkmenistana teklip etmäge, onuň hemme artykmaçlyklaryna baha bermek mümkinçiligini döretmäge şatdyrys. Türkmenistanyň howa şertlerinde tehnikany synagdan geçirmek üçin “Kamaz” elektrobuslarynyň ikisi hem-de ultratiz zarýad beriji stansiýa getirildi” diýip, Kogogin aýtdy. Şeýle hem ol “Kamaz”-yň Türkmenistana zerur bolan möçberlerde elektrobuslaryň  iberilmegini amala aşyrmaga taýýardygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. 

 

Işewürlik-forumynda türkmen tarapynyň aýdan maglumatlaryna görä, 2006-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan “Kamaz” kysymly awtoulag serişdeleriniň we ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň 9 müň 460 birliginden gowragyny satyn aldy. Tehnikalaryň köp bölegi – 8 929-sy döwlet ulgamy tarapyndan satyn alyndy.

 

Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerinde düzüminde tehniki işgärlere okuw geçilmegi bilen, “Kamaz” awtoulaglaryna hyzmat ediş we olary bejermek boýunça hyzmat merkezleri guruldy. Şeýle merkezi Daşoguz welaýatynda hem gurmak boýunça işler alnyp barylýar.