«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» Damen deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň ýygnamak işlerine başlaýar
Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar. Bu möhüm waka, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde täze tapgyr bolýar. Bu barada "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi habar berýär.
«Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak «Söwda Gurluşyk Maslahat» hojalyk jemgyýetiniň sargydy bilen amala aşyrylýar. Bu taslama taýýarlyk görmek üçin Balkan zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary ýakynda Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda boldy we şol ýerde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň synag işlerine gatnaşdy. Bu bolsa onuň tehniki häsiýetleri we işleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga, şeýle hem Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak üçin taslama resminamalarynyň we gäminiň böleklerini ýygnamagynyň usullaryny taýýarlamaga mümkinçilik berdi.
Deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň ýygnamak işlerine gönüden-göni gatnaşmakdan başga-da Balkan zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygynda iş sapary wagtynda «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Bu ýygnaklaryň aýratyn mowzugy Türkmenistanda Damen deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň gurluşygyny bilelikde alyp barmak, ýagny lokalizasiýa döretmek boldy.
Damen deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisine Türkmenistanda uly islege eýe bolup, ýagny olar deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde, deňziň we içerki suw akabalarynyň çuňaldyş işlerinde, gum we çagyl çykarmak üçin ullanylýar.
«Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň Balkan zawodynda ýygnalmagy, Türkmenistanda Damen deňziň düýbüni çuňaldyjy gäimisiniň önümçiligini lokalizasiýalaşdyrmak ugrundaky ilkinji ädim bolar. Bu diňe bir satyn almak üçin çykdajylary azaltmak bilen çäklenmän, täze iş ýerleri döreder, şeýle hem gämi gurluşyk pudagyndaky türkmen hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrar.