Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

 

Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bahara mahsus täzeleniş we şatlyk ruhy dünýämize sazlaşyk, bagtyýarlyk getirsin, özümize bolan ynamymyzy has-da pugtalandyrsyn hem-de dünýäniň ähli halklarynyň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň bähbidine asylly maksatlara ýetmekde bize ýardam etsin!

 

Size we Siziň ýakynlaryňyza, ajaýyp ýurduňyzyň ähli ýaşaýjylaryna berk jan saglyk, abadançylyk, ýagşy umytlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin.

 

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparyny

ň başlygy.