Türkmenbaşynyň porty Özbegistan bilen Azerbaýjany üstaşyr daşamalar bilen üstünlikli baglaşdyrdy

           Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty «AZERMAŞ» JÇJ-i üçin awtoşaýlar bilen ýüklenen Özbegistandan gelen 40-futlyk 100-den gowrak konteýneriň Azerbaýjana üstaşyr ugradylyş nokady boldy – diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.

Awtoulag gurluşygynda ulanylýan äti

ýaçlyk şaýlary «UzAWTO MOTORS» PJ tarapyndan ugradylypdyr, portyň üsti bilen bolsa ýüküň daşalmagy «Türkmenistanyň ulag-logistki Merkezi» tarapyndan amala aşyryldy.

 

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap «Balkan» gämisini Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmak üçin konteýnerleriň eltilmeginiň fider daşamalaryny amala aşyrmak üçin goýdy.