«Turkmenistan Airlines» Bangkoga hem-de Kuala-Lumpura uzaýan gatnawlar boýunça awiakompaniýalaryň bäsdeşligini emele getirýär

«Turkmenistan Airlines» diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylar üçin hödürleýän mümkinçiliklerini hem yzygiderli giňeldýär. Muňa mysal hökmünde bellesek, awiakompaniýa Aşgabatdan Moskwa uzaýan gatnawlarynyň sanyny bäşden alta çenli artdyrdy. Bu ädim Russiýadan gelýän syýahatçylar üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär we ugurlary saýlamakda has giň şertleri üpjün edýär.

 

Kompaniýa rus syýahatçylary üçin üç esasy ugra ünsi çekýär: Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur. Bangkoga uçuşlaryň täzeden üstünlikli başlanmagy we 2023-nji ýylyň dekabryndan orunlaryň artmagy bilen, «Turkmenistan Airlines» üstümizdäki ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli islegleriň has-da ýokarlanmagyny gazandy. Munuň özi şol döwürde gatnawlaryň dolmagynyň 90 %-lik görkezijä ýetmegine getirdi.

 

«Moskwa uçuşlaryň ýygylygynyň ýokarlanmagy fewral we mart aýlarynda islegleriň uly bolmagy hem-de käbir seneler üçin satylan petekleriň sany bilen gönüden-göni baglanyşykly» — diýip, belleýän «ITM group» kompaniýalar toparynyň ösüş boýunça direktory hem-de «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekili Anatoliý Zubenkonyň sözlerini «Travelpress.kz» mälim etdi.

 

Utgaşykly uçuşlaryň we garaşmagyň wagtyny göz öňünde tutanyňda, Russiýadan Kuala-Lumpur şäherine syýahatçynyň umumy sarp edýän wagty 13 sagat töweregi bolar. Dubaýyň üsti bilen çalşyp bolýan ugur bilen deňeşdirilende, iň az uçuş wagty 12 sagat 35 minuda barabar, emma bu ýerde garaşmagyň wagty takmynan 7 sagada deňdir.