Geçen hepde birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny, karbamidi, tehniki kükürt kislotasyny, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar.

 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine 100 göterim pagtadan öndürilen ranfors, nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah ýüplük, ýorgan-düşek toplumlary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 70 million 944 müň dollaryndan gowrak boldy.

 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 42 million 79 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, el halylaryny, buýan köküniň goýaldylan erginini satyn aldylar.