«AD Ports» Gruziýanyň Tbilisi gury portundan gözegçilik paýnamasyny aldy
«BAE AD Ports» port operatory «Inveco» bilen Gruziýanyň Tbilisi gury portundaky gözegçilik paýyny almak barada şertnama gol çekişendigini habar berdi.
BAE-niň port we logistika operatory şertnamanyň çäginde şu ýylyň ahyrynda bu ýerde işlemeli logistika terminalynyň 60 %-ini alar. Taslamanyň saýtynda aýdylyşy ýaly, terminalyň meýdany 44 müň inedördül metr bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 200 müň TEU deňdir.
Tbilisi gury portunyň Orta Aziýa ýurtlarynyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň çägindäki üstaşyr ýükleri ýollamak işinde Hazar deňziniň üstünden uzaýan geçelgäniň möhüm logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýändigini bellemek gerek. Hazar deňziniň üstünden uzaýan geçelge Hytaýy Ýewropa bilen Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň iki deňiz egni bilen — Hazar we Gara deňizleriň üsti boýunça birleşdirýär.
Gazagystanyň «GDÝ» demir ýol korporasiýasynyň 2022-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynda berlen maglumatlara görä, Hazar geçelgesindäki konteýner gatnawynyň mukdary 11 müň TEU boldy, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 25% az. Umuman aýdanyňda, Gazagystanyň çäginden Hytaý — Ýewropa söwdasyndaky harytlaryň üstaşyr konteýner mukdary 2022-nji ýylda 26% azaldy we 490 müň TEU boldy. 2023-nji ýyldaky maglumatlar heniz çap edilmedi.