Ulag babatynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi

Aşgabatda bolan türkmen-russiýa işewürlik forumynyň çäklerinde ýurtlaryň arasynda ulag babatyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

 

Deňiz ulagy babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçilikleri, şeýle hem onuň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesindäki orny duşuşygyň aýratyn temalary boldy.

 

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň ulag edaralarynyň wekilleri Russiýanyň işewür adamlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler, onda deňiz ulagy babatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.