Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gullukçylary ozon dargadyjy maddalaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gullukçylary ozon dargadyjy maddalaryň we gidrohlorftor uglerodlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Ozon dargadyjy maddalaryň dolanyşygy meseleleri boýunça milli bilermen maslahata gatnaşyjylary Ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasy we Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar hakyndaky Monreal Teswirnamasy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem olara ozon dargadyjy maddalara gözegçilik etmegiň esasy ugurlary barada maglumat berildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň nazaryýet bilimleri gümrük resminamalary, konteýnerleri gözden geçirmek esasynda hem-de ozon dargadyjy maddalaryň indentifikatorlaryny ulanmak arkaly ozon dargadyjy maddalary kesgitlemek boýunça tejribe sapaklar bilen berkidildi.