Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty önümleri we türkmen el halylary satyldy

Duşenbe güni, 1-njy aprelde birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkiýe Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "Jet A-1" uçar kerosinyny we "B" kysymly karbamidy, şeýle-hem Türkiýe Döwletiniň işewürleri ýerli kärhanalaryndan han ýüplük we jyns matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 409 788,06 manada we 11 016 255,55 ABŞ dollaryna deň bolan 19 geleşik baglaşyldy.