Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy biometrik pasportlary bermek üçin täze nokatlary açdy
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Darganata etrap bölüminde, Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminde hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Tagtabazar etrap bölüminde raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmek hyzmatlary başlaýar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle hem sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanylyp raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmekde resminamalar elektron görnüşinde doldurylyp, raýatyň maglumatnamasyna ýelmenilýän suraty elektron görnüşinde çap edilýär.
Bulardan başga hem Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň düzüminde harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň, kazyýet we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň arzalary Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan ýerleri boýunça ýazga alnan ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde wagtlaýyn ýaşaýan ýerleri boýunça hasaba alnan, şeýle hem zerur halatlarda olaryň işleýän ýerleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär.
Bu bolsa raýatlaryň wagtyny tygşytlamagyna hem-de olara edilýän hyzmatyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine uly mümkinçilik döreder diýlip, habarda bellenilýär.