Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular

             «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi. 

 

Okuwa gatnaşyjylar deňiz ulagy babatyndaky Halkara deňiz guramasy tarapyndan kabul edilen birnäçe konwensiýalar bilen tanyş boldular.  Şeýle hem olar gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmek boýunça dürli çäreler we usullar, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, olaryň tejribede ulanylyş düzgünleri bilen tanyş boldular. 

 

Nazaryýetde alnan bilimleri berkitmek we tejribe edinmek üçin Bautino deňiz portunda gämileriň şahadatnamalaşdyrmak işi görkezildi.

 

Okuwyň netijeleri boýunça Agentligiň hünärmenlerine «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» ugry boýunça degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

 

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi we Fransuz Respublikasynyň Bureau Veritas Marine & Offshore sas kwalifikasiýa jemgyýeti Türkmenistanda hasaba alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin ygtyýar berilmegi baradaky Ylalaşygyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýärler.