«Diplomatic World» halkara žurnaly türkmen kompaniýalary üçin aýratyn işewürlik katalogyny işe girizýär

Ýewropanyň ýüreginde — Brýusselde ýerleşýän «Diplomatic World» halkara žurnaly innowasion taslamasynyň meşhur «Diplomatic World» brendi bilen neşir edilen eksklýuziw işewürlik katalogynyň işe girizilýändigini habar berýär . Bu ýörite neşir diňe Türkmenistanyň hususy pudagyna gönükdiriler.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, katalog öz öňünde ägirt uly maksatlary goýýar. Şol maksat okgunly ösýän we bäsleşige ukyply türkmen hususy pudagynyň hem-de kompaniýalarynyň Ýewropa bazarynda ykrar edilmegini güýçlendirmekden, üstünlikli ýerleşmegine goşant goşmakdan we ýewropaly maýadarlaryň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Katalogda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 20-25 sany öňdebaryjy türkmen kompaniýasy ýerleşer. Mahlasy, «Diplomatic World» olaryň Ýewropadaky işlerini ösdürmek we giňeltmek üçin täze gözýetimleri açmaga çalyşýar.

Katalogyň müňlerçe nusgasy Ýewropanyň işewür toparlarynyň we işewür jemgyýetleriniň esasy wekillerine paýlanar. Şeýle hem, Ýewropanyň işewürleri bilen aragatnaşyk gurmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin aýrylmaz gurala öwrülip, ​​tutuş yklymdaky türkmen diplomatik wekilhanalarynda elýeterli bolar.

«Diplomatic World» — bu syýasaty, diplomatiýany, işewürligi, maliýe, sungat we medeniýet ulgamlaryny öz içine alýan sanly hem neşir görnüşlerinde çärýekde bir gezek çykýan abraýly neşirdir. Döwlet Baştutanlaryny, ilçileri, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini we işewür liderleri öz içine alýan aýratyn auditoriýaly bu žurnal ýokary derejeli gatnaşyklar üçin güýçli mümkinçilklere ýol açýar.

«Diplomatic World» žurnalynyň redaksiýasy kompaniýalary we Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekillerini bu täsin taslamanyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Has giňişleýin maglumat üçin diplowereld@mail.be salgysy boýunça habarlaşyp bilersiňiz!