ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar soňky döwürde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda energiýa howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy ýaly düzüm birlikleri bilen netijeli gatnaşyklarynyň ep-esli işjeňleşendigini beýan etdiler.
Parlament diplomatiýasynyň barha berkeýän orny barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň Mejlisiniň we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň häzirki ýagdaýyny, geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gepleşikleri we halkara bilermenleri bilen pikir alyşmalary höweslendirmek maksady bilen, ýurtda tematiki seminarlarydyr maslahatlary bilelikde geçirmegiň oňyn tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler diýlip, habarda aýdylýar.