«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda ýeňillikli nyrhlary hödürleýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ aşakdaky görkezijilere laýyklykda, CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär:
Bahanyň möçberine aşakdakylar girmeýär:
• Eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil;
• Poti we Batumi portlarynda port tölegleri we THC.
Bellik:
• Konteýner bilen bilelikde ýüküň agramy 22 tonnadan köp bolsa, her konteýner üçin ABŞ-nyň 50 dollary goşulýar;
• Demir ýol nyrhlarynyň üýtgemegi (indeksasiýa) bolan ýagdaýynda nyrhlar bu üýtgeşmä laýyklykda sazlanar. Bahalar ýük daşalýan wagtynda ekspeditoryň ýa-da demir ýoluň däl-de, ýüki iberijiniň /ýüki alyjynyň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykyp biljek jerimeleri tölemegi öz içine almaýar;
• Bellenen nyrhlar nebitiň, nebit önümleriniň, ösümlik önümleriniň we howply ýükleriň daşalmagyna degişli däldir. Iň ýokary agram ölçegli konteýneriň aşa agramy bolan ýagdaýynda (şeýle daşamalara rugsat berilse), bellenilen ýörite nyrhlara taraplaryň sebitleri üçin nyrh syýasatlarynyň çäginde döredilen degişli artýan koeffisiýentler ulanylýar.
Görkezilen nyrhlar 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.
Maglumat çeşmesi: orient.tm