Logistika söwda «önümine» öwrülip biler
Ýük daşamak hyzmatlary hem birža harytlarynyň hataryna goşulyp biler. Sankt-Peterburgyň halkara haryt we çig mal biržasy şeýle önümi satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada meýdançanyň başlygy Igor Artemýew «РБК» beren interwýusynda belledi. Ol biržanyň logistikadan başga-da, ätiýaçlandyryş we ýük satmak üçin mümkinçiliklerine hem garaýandygyny aýtdy. Bu ýerde gürrüňiň logistika hyzmatlarynyň söwdasy, ilkinji nobatda demir ýollar arkaly şeýle hyzmatlaryň görkezijileriniň emele gelmegi barada barýandygyny Artemýew tassyklady. Bu pikir Merkezi bank tarapyndan eýýäm makullandy.
«Munuň özi işewürlik we pul gazanmak mümkinçiligi nukdaýnazaryndan diýseň gyzykly pikir» — diýip, «Infoline-Analitika» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mihail Burmistrow «Kommersant» bilen söhbetdeşlikde belledi. Muňa garamzadan, bu işde aýratynlyklaryň birnäçesini göz öňünde tutmalydyr. Mysal üçin, ulag hyzmatlarynyň bahasyny kesgitlemekde standartlaşdyrmak zerur.
— Eger, biz adaty bir önüm hakynda gürrüň edýän bolsak, iki şäheriň arasynda otlyda konteýnerleri daşamak anyk çykdajysy bilen tapawutlanýar. Şondan soň has çylşyrymly başdangeçirmeler bolup biler. Mysal üçin, nebiti gaýtadan işleýän zawoddan nebit ammarlaryna çenli belli bir mukdardaky nebit önümini eltmegiň bahasynyň ýagdaýy... — diýip, bilermen belledi.