Türkmenistan 24-nji «Triennale Milano» halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 17-nji maýy ─ 16-njy noýabry aralygynda Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek 24-nji «Triennale Milano» halkara sergisine gatnaşar. Bezeg sungaty we häzirki zaman binagärligi temasyny öz içine alýan bu halkara serginiň geçirilmegi hakyndaky çözgüt Halkara sergiler býurosynyň 173-nji mejlisinde makullanyldy.

 

24-nji «Triennale Milano» halkara sergisine gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de hususy taraplar ähmiýetli çärä gatnaşmaga çagyrylýar.