Iwan Wolynkin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini belledi

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegi ýokary işjeňlik bilen häsiýetlendirilýär. «SNG Today» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.

 

Diplomat soňky bäş ýylda Russiýanyň Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşlaryndan birine öwrülendigini aýtdy. Wolinkin Russiýa türkmen harytlarynyň importynyň ösüşini nygtady.

 

«Russiýa soňky bäş ýylyň dowamynda ýyllyk söwda dolanyşygy 1,6 milliard ABŞ dollaryndan geçýän Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan birine öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde bolsa türkmen önümleriniň Russiýa bazaryna iberilmegi yzygiderli artýar: dokma we azyk önümleriniň Russiýa importy takmynan iki esse ýokarlandy» — diýip, diplomat belledi.

 

Diplomat iki döwletiň arasyndaky ykdysady gepleşikleriň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýtdy. Ikitaraplaýyn hökümetara komissiýanyň işi muňa mysal bolup biler.

 

«2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ilkinji rus-türkmen işewürlik forumy geçirildi. Bu telekeçileriň ýokary işewürlik işjeňligini we telekeçilik üçin özara peýdaly häsiýetini görkezýär» — diýip, Iwan Wolynkin aýtdy.

 

Diplomat Russiýa bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän 2052-nji ýyla çenli Türkmenistanda kabul edilen ýurduň ösüş strategiýasyna aýratyn ünsi çekdi. Kabul edilen resminama ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek we ulag geçelgelerini döretmek maksady bilen, maýa goýum maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, oba hojalygyny özgertmegi öz içine alýar.

 

Wolynkin: «Bu çemeleşme, infrastruktura taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegine we ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň giňelmegine goşant goşýar» — diýip hasaplaýar.

 

Russiýanyň ilçisi ulag we logistika pudagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň başga bir ugry hökmünde häsiýetlendirdi. Russiýanyň demir ýollary we iki ýurduň hökümetiniň ulag bölümleri halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň gündogar ugrunda ýük gatnawyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikde işleýärler.

 

Iwan Wolinkin sözüni jemläp, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp ugurlydygyny aýtdy. Söwda, ykdysady, ulag we tehnologiki ugurlarda işjeň täsir etmek strategiki hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny subut edýär.