Türkmenistanyň gümrük hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ulag-üstaşyr geçelgeleriň merkezi hökmünde özüne çekijiligini ýokarlandyrýar
Türkmenistanyň serhetýaka awtoýollary gümrük nokatlarynyň ählisinde, şol sanda «Altyn Asyr», «Artyk», «Sarahs», «Serhetabat», «Ymamnazar», «Farap», «Daşoguzawtoýollary» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän «TIR-EPD» sanly ulgamy hereket edýär.
Bu ulgam halkara awtoulagly daşalýan ýükler barada ähli maglumatlary awtoulagyň ýüklenip ugramagy bilen bir wagtda, elektron görnüşde TIR Konwensiýa agza ýurtlaryň gümrük edaralaryna awtomatiki usulda deslapdan bermäge şert döredýär. Bu bolsa, ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän ýükli awtoulaglaryň gümrük gözegçiligini ygtybarly guramaga we olary serhetden çalt geçirmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Konwensiýasyna gatnaşýan ýurtlara päsgelçiliksiz eltilmegine giň mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan «E-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär. Bu bolsa, serhet geçelgelerde resmileşdirme işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär.