«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň sport ýaryşlary geçirildi

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan söýgini artdyrmak we köpçülikleýin sporty ösdürmek maksady bilen her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we  talyp ýaşlary hem uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.

 

Şu gün — 3-nji aprelde Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda we sport meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlary hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyna hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. Şowhunly çäre diýseň ýokary derejede geçdi.

 

Ata Watanymyzda ýaşlaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn, kämil şahsyýetlar bolup ýetişmekleri, döwrebap bilim-terbiýe we hünär almaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, röwşen ertirimiziň eýeleri bolan nesiller ylym-bilimde, sportda öz başarnyklaryny görkezýärler hem-de uly üstünliklere eýe bolýarlar.