Türkmenistanyň wekiliýeti Aralyň ekologiýasy boýunça ähmiýetli mejlise gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Global Daşky Gurşaw guramasynyň goldawy bilen Astanada geçirilen Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň (AHHG-niň DÖDK) mejlisine gatnaşdy.

 

Wekiliýetiň sapary BMGÖM/GEF «Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde guraldy. Onuň maksady Aral deňziniň basseýninde gury ýer we suw baýlyklaryny dolandyrmagy we dikeltmegi gowulandyrmak boýunça sebitleýin tagallalara Türkmenistanyň has işjeň gatnaşmagyny öňe sürmekden ybarat.

 

Bu ýerde daşky gurşaw we ykdysady bölümleriň, DÖDK-niň düzümindäki gurluşlaryň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda mejlis geçirildi.

 

DÖDK-niň iki gün dowam eden bu ýygnagynda daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatynda serhetýaka hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazagystan Respublikasy özüniň ýolbaşçylyk eden döwründe edilen işler barada hasabat berenden soň, ýolbaşçylyk etmek nobaty Täjigistana geçirildi. Şeýle hem 2024 – 2026-njy ýyllar üçin Daşky gurşawy goramak maksatnamasynyň meýilnamalary hödürlendi.

 

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Begenç Miminow Aral çökgünliliginiň meselelerini çözmek üçin gepleşikleri guramakda AHHG-niň DÖDK-niň möhüm ähmiýetini belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň AHHG-ni esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we daşky gurşawy goramak, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini döretmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

 

Miminow: «Biziň umumy maksadymyz sebitdäki ýurtlaryň bähbitlerini, halklaryň abadançylygyny, saglygyny, ösüşini we öňegidişligini üpjün etmek esasynda sazlaşykly, dowamly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmek» — diýip, nygtady.