Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny telekeçilige goldaw bermek maksatnamasyna çagyrýarlar

Beýik Britaniýanyň logistika we ulag boýunça Patyşalyk institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy (СILT Central Asia) Türkmenistandan logistika we ulag kompaniýalaryny USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän telekeçilige goldaw bermek maksatnamasyna çagyrýar.

 

Maksatnamanyň çäklerinde kiçi we orta telekeçilik bar bolan meselelerini çözmek üçin maslahat goldawyny alar. Bu ugruň öňdebaryjy hünärmenleri telekeçilik işlerini amatlaşdyrmaga we bazaryň tiz üýtgeýän meýillerine uýgunlaşmaga kömek ederler.

 

Maksatnama gatnaşmak şu aşakdaky artykmaçlyklary berer:

 

-Kompaniýalara öňdebaryjy bilermenlerden şahsy ýa-da toparlaýyn maslahatlary almak mümkinçiligi berler (8 sagatdan 40 sagada çenli);

 

 -Kompaniýanyň auditi (kompaniýanyň güýçli we gowşak taraplaryny kesgitlemek, kompaniýanyň ösüşini bökdeýän meseleleri ýüze çykarmak, ýol kartasyny we hereketleriň meýilnamasyny işläp düzmek);

 

 -Has jikme-jik ýörite maslahatlaryň berilmegi («sorag-jogap» görnüşinde);

 

-Merkezi Aziýadaky beýleki kompaniýalar bilen aragatnaşygyň ýola goýulmagy, şeýle hem CILT-iň bilermenleri bilen işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy.

 

Saýlanyp alynjak kompaniýalaryň sany çäklidir. Ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 14-nji fewralyna çenli 14 günüň dowamynda kabul edilýär. Ýüz tutmalary info@cilt.kz we tca_exportsupport@dai.com elektron poçtalaryna F.A.A.A-nyň, ulag-logistika kompaniýasynyň adynyň we habarlaşmak üçin belgileriň (telefon, elektron poçtanyň salgysy) görkezilmegi bilen kabul edilýär.