Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ismoili Somoniniň ýadygärligine gül dessesini goýdy

Şu gün, 4-nji aprelde Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäginde täjikleriň ilkinji döwletini esaslandyryjy Şah Ismoili Somoniniň ýadygärligine gül dessesini goýdy. Bu barada "Нейтральный Туркменистан" elektron gazeti habar berdi.

 

Ýokary derejeli myhmanyň ýanynda Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar boldy.

 

Dusti meýdançasyndaky (Dostluk meýdançasy) Ismoili Somoniniň ýadygärligi şäheriň esasy nyşanyna öwrülen ýerdir. 1997-nji ýylda bina edilen ýadygärligiň beýikligi 13 metr. Onuň ýokarsynda bolsa umumy beýikligi 43 metrden geçýän aýlawly owadan bezeg bar. Ýadygärlikde Täjigistanyň döwletdiginiň nyşanyna öwrülen ýedi ýyldyz bilen bezelen täç we hasa bar.

 

Ozal habar berşimiz ýaly, bu saparyň çäklerinde ýokary derejedäki ýygnaklary we gepleşikleri geçirmek hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Ýokary derejede geçirilen ýygnakdan we gepleşiklerden soň Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli birnäçe täze resminamalara gol çekiler.

 

Şeýle hem, resmi sapar maksatnamasynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali, Majlisi Namoýandagonyň başlygy Mahmodtoir Zokirzoda hem-de premýer-ministr Kohir Rasulzoda bilen duşuşar we türkmen-täjik sungat ussatlarynyň bilelikdäki Dostluk konsertine gatnaşar.