Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1-nji derejeli ýurist Şadurdy Hangeldiýewiç Täşliýewi Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine;
1-nji derejeli ýurist Orazmyrat Annamyradowiç Gurbanowy Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesine bellemeli;
gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Merdan Mahmudowiç Pirbabaýewi Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Işangulyýewiç Ulugberdiýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli.
***
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedow Aşgabat şäheriniň harby prokurory;
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory;
ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory;
1-nji derejeli ýurist Begli Kakageldiýewiç Hommadow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
2-nji derejeli ýurist Kakajan Döwranowiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
1-nji derejeli ýurist Bäşim Çarygulyýewiç Ýalkabow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
ýustisiýanyň geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdyýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Berdimyrat Niýazberdiýewiç Annaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Tirkeşowiç Ýelmyratow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ruslan Hamraýewiç Döwranow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Alym Abdullaýewiç Goňurow Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Akmyradowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şohrat Terkeşowiç Mämiýew Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory;
gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbanguly Azadyýewiç Naýýaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory;
ýustisiýanyň geňeşçisi Şatlyk Gündogdyýewiç Myradow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.