Türkmenistanda otly gatnawyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar
Türkmenistanda ýolagçy otlularyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar, oňa laýyklykda syýahat edýänler elektron biletleri internetden ýa-da bilet satmak boýunça terminallardan, şeýle hem ýolagçylara hyzmat edýän stansiýalardan satyn alyp bilerler – diýip.
Bileti onlaýn satyn almak saýt arkaly amala aşyrylyp bilner ýa-da akylly telefonlar üçin «Turkmenistan Railways» goşundysynyň kömegi bilen Android we iOS telefon bazasyna görä alyp bolýar.
Programma üpjünçiligi ýolagçy üçin amatly wagta iki tarapa-da bilet almaga mümkinçilik berýär.
Ähli degişli amallar ýerine ýetirilenden soň elektron biletiň QR-kod görnüşindäki nusgasy ulanyjynyň elektron poçtasynyň salgysyna ugradylar. Satyn alyjynyň şeýle hem öz telefonyna SMS-habarnama geler. Elektron bileti hem telefonyň ekranyndan hem çap edilen görnüşde görkezmek bolýar.
Eger-de çap edilen bilet ýok bolsa, ýolagçy şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezip, onuň nusgasyny demir ýol wokzalyndan alyp biler. Elektron biletleri demir ýol wokzalynyň bilet kassalarynda yzyna gaýtaryp ýa-da ulanylmadyk biletleri gaýtadan dikeldip bolýar.