Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Duşenbe şäherinde resmi sapar bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda döwletara gatnaşyklara ynanyşmak we özara düşünişmek häsiýetiniň mahsusdygyna aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, munuň özi iki ýurda geljek üçin türkmen-täjik gatnaşyklaryny ynamly guramaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda uzak möhletli meýilnamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanun çykaryjy edaralary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde, durnukly parlamentara dialog ýola goýuldy, pikir alyşmalaryň netijeli gurallary işläp başlady.
Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm we netijeli guraly bolup durýandygyny nygtadylar.
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com