Russiýada ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça täze milli taslama işlenilýär

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösüşiniň ýeke-täk ulgama birikdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin täze milli taslamanyň işlenip düzülýändigini Russiýanyň Hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow 2023-nji ýylda pudagyň alyp baran işleriniň netijelerine hem-de 2024-nji ýyl üçin öňde goýlan maksatlara we wezipelere bagyşlanan, şeýle-de 2026-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş meýilnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylan Ulag ministrliginiň geňeşiniň mejlisindäki jemleýji çykyşynda belledi.

 

«Milli taslama üçin pasportyň işlenip taýýarlanylmagy şu ýylyň aprel aýynda tamamlanar» — diýip, belleýän A.Belowsowyň sözlerini Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy köpçülige ýetirdi.

 

Mundan başga-da, ol ýakyn geljek üçin iň möhüm meseläniň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Federal Ýygnakda eden çykyşynda öňe süren başlangyçlaryna ýetmekde jemlenýändigini aýtdy.

 

Wise-premýeriň birinji orunbasary Gündogar demir ýol menziliniň ösüşini, dostlukly ýurtlara uzaýan ugurdaky ulag geçelgelerini we Moskwa — Sankt-Peterburg ýokary tizlikli demir ýol magistralynyň gurluşygyny beýan etdi. Içerki suw ýollarynyň magistral ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar hem ileri tutulýan ugur hökmünde durmuşa geçiriler.