Aragatnaşyk pudagynyň wekilleri Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň baýraklaryna mynasyp boldular
Türkmenistanyň aragatnaşyk we kommunikasiýa pudagynyň ýaş wekilleri ýurduň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýraklary bilen sylaglandylar. Gowşurylyş dabarasy Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň çäklerinde bolup geçdi – diýip.
Pudagy kämilleşdirmekdäki goşandy üçin «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň orta hünär Politehniki mekdebiniň 2-njy ýyl talyby Serdar Orazow we «Altyn Asyr» PJ-niň Balkanabat şäherindäki bölüm işgäri Baýmuhammet Ussaýew sylaglandylar.
Ozal Serdar Orazow tarapyndan dürli formatlary filtrlemek boýunça işlenilip düzülen innowasion programma Sanly çözgüt -2022 atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde iň gowularyň hatarynda bolupdy. Bäsleşik «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýaş zehinli hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda geçirilýär.