«Team Emirates» ussat welosipedçiler toparynyň welosipedi sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidentine ýollandy

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň Iş Dolandyryş ministri, Onuň Alyhezreti Şeýh Mansur ben Zaýed Al Nahaýan BAE-niň «Team Emirates» atly ussat welosipedçiler toparynyň welosipedini sowgat hökmünde Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, jenap Serdar Berdimuhamedowa ýollady. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

 

Bu sowgadyň Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilýän günlerinde ýollanylmagynyň diýseň çuň manysy bardyr. Çünki diňe ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Bu hakykaty Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Bas Assambleýalarynda kabul edýän resminamalarda hem aýdyň görmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi bolsa diňe sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň ekologiýa syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň görkezijisine öwrüldi.

 

2018-nji ýylda Aşgabatda iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda welosiped sapagynyň geçirilendigini we bu ugurda dünýä rekordynyň gazanylandygyny hem aýratyn bellemek gerek. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirilip, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

 

Biz nusgalyk göreldesi bilen bütin halkymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýan hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli ildeşlerimizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys.