Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde miniatýura sungatynyň, kaligrafiýanyň we altyndan bezeg eserleriniň sergisi açyldy
4-nji aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde miniatýura sungatynyň, kaligrafiýanyň we altyndan bezeg eserleriniň ajaýyp sergisi açyldy.
Sergä Eýrandan gelen myhmanlar, altyn çaýmak sungaty boýunça ýa-da kitabyň daşyna bezeg bermek boýunça hünärmen Fatame Pärästände Hiýal, kaligrafiýa (žiwopis) sungaty boýunça hünärmen Hadiýe Seýed Hani, Eýran Yslam Respublikasynyň Turkmenistandaky medeniýet meseleleri boyunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, hormatly myhmanlar, Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.
Serginiň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Turkmenistandaky medeniýet meseleleri boyunça geňeşçisi Nawid Rasuli we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow badalga berdiler we gutlag sözlerini beýan etdiler.
Myhmanlara ruhy taýdan lezzet bermek üçin guralan sergide Remezan aýy mynasybetli miniaturalar, kaligrafiýalar, Eýrandan gelen hünärmenleriň dürli eserleri sergilendi.
Serginiň çäklerinde hünärmenler özleriniň kaligrafiýalary nähili usullar bilen taýýarlaýandyklary barada sergä gatnaşanlara gürrüň berdiler.
«Sergidäki kaligrafiýalar birnäçe ýyllaryň dowamynda öz durkuny ýitirmeýär. Sebäbi kaligrafiýa üçin kagyzlar birnäçe etapda, elde taýýarlanylýar. Olara ýyllar geçse-de, zeper ýetmeýändiginiň esasy sebäbi, kagyzlar taýýarlanylanda basylyp, içiniň howasy dolulygyna çykarylýar. Kagyz takmynan 6 aýda taýýar bolýar» diýip, hünärmen Hadiýe Seýed Hany aýtdy.