Aeroflot awiakompaniýasynyň uçarlary gondurmagyň täze tertibi ýangyjy hem-de wagty tygşytlar
Russiýanyň Aeroflot awiakompaniýasy hem-de Aeronawigasiýa boýunça döwlet korporasiýasy uçarlary gondurmagyň täze tertibini ulanmaga başladylar. Bu barada The Moscow Times kompaniýanyň wekillerine salgylanyp habar berýär.
Uçarlary gondurmagyň täze usuly uçuş wagtyndan bäş minut, şeýle hem ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berer. Hasaplamalara görä ýylyň ahyryna çenli ýangyç tygşytlylygy «Аэрофлот» üçin 18,6 müň tonna, «России» 7,4 müň tonna, «Победа» üçin bolsa 5,6 müň tonna deň bolar.
Munuň özi, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga getirer.
Uçarlary gondurmagyň täze usuly Moskwanyň howa zolagynda 21-nji martdan bäri ulanylýar.
Rosawiasiýada aýtmaklaryna görä, ornaşdyrylan tertipler awiakompaniýalara ýangyjy hasaplamaga we şonuň bilen birlikde uçuşy amala aşyrmak üçin çykdajylary azaltamaga mümkinçilik berýär. Ozal şeýle tertip Pulkowo aerodromunda ornaşdyrylypdy.
Maglumat çeşmesi: orient.tm